janykmak

janykmak
işlik
[ja:nykmak]
Bir zat etmeklige ýürek bilen çalyşmak, jan çekmek, yhlasly bolmak, gyzykmak.
∙ Begenjiň janygyp edýän gürrüňine Aýsoltan ynamsyz ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ A gyz, nämä gülýärsiň? Ynanaňokmy? Seret ahyry! -- diýip janykdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Eziz Buhara meselesi barasynda janykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem janykmak - janygýar, janygar, janygypdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»